Türk milli ştangaçy Muhammed Furkan Özbek Ýewropa çempiony boldy

Ýewropanyň Agyr atletika çempionatyna gatnaşan türk milli ştangaçy Muhammed Furkan Özbek, 1 bürünç we 2 altyn medal gazandy

1615463
Türk milli ştangaçy Muhammed Furkan Özbek Ýewropa çempiony boldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilýän Ýewropanyň Agyr atletika çempionatynyň 3-nji gününde türk milli türgenler medal almak üçin bäsdeşdiler. 

Erkekleriň arasynda 67 kg agyrlygynda bäsleşen Muhammed Furkan Özbek, birden götermekde 145 kg galdyryp bürünç medal aldy. 

Türk milli türgen itekläp götermekde 178 kg, jemi bolsa 323 kg dereje bilen 2 altyn medala eýe boldy. 



Degişli Habarlar