Milli Göreşçiler Ukrainada 4 Medal Aldy
Türkiýe bäsleşikde 1 altyn we 3 kümüş medal aldy
1592457
Ukrainada geçirlen halkara göreş bäsleşiginde 79 kilogram agyrlykda bäsleşen Ramazan Sary, belarusly we ukrainaly bäsdeşlerini ýeňip final bäsleşigine gatnaşdy.
Ramazan Sary finalda Ýewropa çempiony gruziýaly Nika Kençadze bilen bäsleşdi. Bäsdeşinden ýeňilen Ramazan Sary kümüş medalyň eýesi boldy.
Türkiýe bäsleşikde 1 altyn we 3 kümüş medal aldy.
Erkin göreş boýunça Süleýman Karadeniz altyn, Soner Demirtaş we Ramazan Sary kümüş, grek-rim göreşini boýunça Kerem Kamal hem kümüş medalyň eýesi boldy.
Milli göreşçiler mart aýynyň 4-7-si aralygynda Italiýada geçiriljek bäsleşige hem gatnaşar.
Degişli Habarlar
Stambula 3 Aýda 3 Million 766 Müň 718 Syýahatçy Geldi
Stambul şäherine gelen syýahatçlaryň sany 8,22 göterim artdy.