Müsürde 5 Müň Ýyllyk Piwo Zawody Tapyldy

Müsiriň günortasynda ýerleşýän Suhaj şäheriniň Abidos etrabynda 5 müň ýyllyk piwo zawody tapyldy

1583824
Müsürde 5 Müň Ýyllyk Piwo Zawody Tapyldy

Müsüriň taryhy eserler we syýahatçylyk ministrliginden berilen beýannamada müsürli we amerikaly arheologlaryň geçirýän bilelikdäki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan piwo zawodunyň b.e.ozalky 3273-2987-nji ýyllara, Müsüriň ilkinji firawunlaryndan Şa Narmeriň döwrüne degişlidiginiň çaklanylýandygy mälim edildi.

Piwo zawodunyň dünýäniň “in gadymy” piwo önümçilik ýeri bolup biljekdigi beýan edilýär.

Geçirilýän barlaglardan soň zawodyň, piwo öndürmek üçin ýörite ulanylan sekiz bölümden emele gelýändigi we her bölümde “galla we suw erginini gyzdyrmak üçin iki hatar goýulan 40 sany toýun howuzyň bardygyny habar berildi.

22,400 litr önümçilik ukyby bolan zawodyň şalygyň dabaralaryny piwo bilen üpjün edendigi çaklanylýar.



Degişli Habarlar