Türk Režisýory Italiýada Ýörite Baýraga Laýyk Görüldi
Italiýada ýaşaýan türk režisýory Ferzan Özpetek İtaliýan Ýazyjylar we Neşirýatçylar Jemgyýetiniň “Ýörite baýragyna” laýyk görüldi
77-nji Halkara Wenesiýa film festiwalynyň çäginde geçirilen çarede jemgyýetiň däbe öwrülen baýrak gowşurlyş dabarasy geçirildi.
Dabarada italian kinosynyň täze klassikasy atlandyrylýan Özpetegiň 20 ýyldan bäri durmuşy dürli taraplardan suratlandyrýandygy we Türkiýeden getirenleri bilen ýaşaan jemgyýetine goşnt goşýan ýazyjy hem-de režisýor bolmagy sebäpli İtaliýan Ýazyjylar we Neşirýatçylar Jemgyýetiniň baýragyna laýyk görülendigi beýan edildi.
Özpetek ozal Marko Belloçhio, Paolo Sorrentino ýaly meşhur režisýorlaryň laýyk görülen baýraklaryny aldy.
Režisýor Özpetek dabaradan soň beren beýannamasynda kino, teatr, kitap ýaly ençeme eserleri mynasybetli şu baýraga laýyk görülendigini aýdyp: “Şeýle gowy duýgy baýrak almak. Meni bagtyýar etdi, buýsandym” diýdi.
Degişli Habarlar
Türkiýäniň Radio-Telewideniýe Guramasy Sylaglandy
TRT halkara “Telly Awardsda” “Habar we maglumat” ugry boýunça “Gümüş Telly” baýragyna laýyk görüldi.
Türkiýe Mawy Baýdakly Plýažlar Sanawynda 3-nji Orunda
Halkara Mawy baýdak emin agzalary 2024-nji ýylyň mawy baýdak baýraklaryny yglan etdi.