Antalýada mawy baýdakly plýažlaryň sany 206-a ýetdi

Geçen ýyl 202 bolan mawy baýdakly plýažlaryň sany 206-a ýetdi

1441029
Antalýada mawy baýdakly plýažlaryň sany 206-a ýetdi

 

Dünýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Antalýada mawy baýdakly plýažlaryň sany 206-a ýetdi.

Täze görnüş koronawirusa garşy göreşiň çäginde goýlan çäklendirmeleriň bir böleginiň bes edilmeginden soň täze döwürde syýahatçylyk möwsümi açyldy.

Syýahatçylygyň paýtagty Antalýada mawy baýdaklar plýažlarda pasyrdamaga başlady. Bu ugurda dünýäde lider bolan şäherde mawy baýdakly plýažlaryň sany köpeldi.

Geçen ýyl 202 bolan mawy baýdakly plýažlaryň sany 206-a ýetdi.

Mawy baýdak, plýažyň arassaçylygyna, deňiziň suwynyň hiline, daşky gurşawa, howpsyzlyga we hödürlenýän hyzmatlara görä berilýär.



Degişli Habarlar