Mewlüt Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly, Sloweniýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Miroslaw Serar bilen Ankara şäherinde metbugat ýygnagyny geçirdi

Mewlüt Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ankara gelen rus wekiliýet bilen şenbe güni geçirilen Idlib meselesi bilen bagly gepleşikleriň ilkinji tapgyrynda ylalaşyga gelinmändigini, gepleşikleriň dowam edýändigini habar berdi.

Mewlüt Çawuşogly, Sloweniýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Miroslaw Serar bilen Ankara şäherinde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Russiýa bilen dowam edýän Idlib meslesi bilen bagly gepleşikleriň üstünde durup geçen we gepleşikleriň ilkinji tapgyrynda ylalaşygyň gazanylmandygyny aýdan Çawuşogly: “Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümleri durmaly, ýogsam gerek bolan jogaby berjekdigimizi ozal şonsyzam belläp geçipdik” diýip nygtady.

Gepleşiklerden netije alynmasa, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň duşuşyk geçirip biljekdigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: “Russiýanyň wekiliýeti bilen Idlib meselesi boýunça geçirilen gepleşiklerde ylalaşyk gazanyp bilsedik, onda şu günki gepleşikleriň geçirilmegine zerurlyk galmazdy. Ilkinji gepleşiklerde teklipler berildi. Idlibde od açmazlyk ýola goýulmaly we iň gysga wagtda ylalaşyga gelinmeli. Başar Asada tabynlykdaky güýçler hüjümlerini iň gysga wagtda bes etmeli” diýip habar berdi.

Beýleki tarapdan Mewlüt Çawuşogly, DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjynyň DKTR-nyň Türkiýä birikmeginiň elhenç boljakdygy baradaky sözleri bilen bagly soraga, Mustafa Akynjynyň üstünde duran meselesiniň hem Türkiýede hem-de DKTR-de gün tertibe gelmändigini belläp, Kiprdäki türk halkynyň syýasy deňliginiň örän wajypdygyny, Türkiýäniň olary greklere garşy goraýandygyny nygtady.



Degişli Habarlar