Bosniýada türk kinosunyň hepdeligi başlady

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kino baş müdirliginiň godlaw bermeginde Ýunus Emre instituty tarapyndan Bosniýa-Gersegowinada guralan türk kinosunyň hepdeligi başady

1322162
Bosniýada türk kinosunyň hepdeligi başlady

Şu ýyl 9-njysy guralan we ilkinji gezek 23 şäherde geçiriljek çäreleriň çäginde bosniýaly kino muşdaklary 5 günüň dowamynda 7 türk filmine tomaşa ederler.

Türk kinosunyň hepdeliginiň çägihde düýn agşam ilki bilen Saraýewodaky “Miting Point” kino-teatrynda Kemal Uzunyň režisýorlyk eden “Ankaranyň ýazy-hoşlaşyk haty” atly film görkezildi.

Film hepdeliginde “Kakamyň adamlary”, “Maňa erteki aýtma”, “Aýla”, “Rafadan taýpa däliz başdan geçirmesi” we “Jan dostlar” atly filmler tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlener.



Degişli Habarlar