Haluk Bilginer Emmy baýragynyň eýesi boldy

Haluk Bilginer 47-nji Halkara Emmy baýraklarynda “Şahsiýet” serialyndaky roly sebäpli ussat aktýor hökmünde saýlandy

1312375
Haluk Bilginer Emmy baýragynyň eýesi boldy

 

Şu ýyl 47-njisi berilýän Halkara Emmy baýraklary, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirlen dabarada eýelerine gowşuryldy

Ussat aktýor kategoriýasy boýunça Türkiýeden, Britaniýadan, Germaniýadan we Braziliýadan 4 aktýor bäsleşdi.

Aktýor Haluk Bilginer 47-nji Halkara Emmy baýraklarynda “Şahsiýet” serialyndaky roly sebäpli ussat aktýor hökmünde saýlandy.

Bilginer serialda ýaňra keseline duçar bolan ganhor Arahyň rolyny ýerine ýetirýär.

Dabarada ussat aktrisa baýragyna bolsa Wengriýaly Marine Gera eýe boldy

 

 

 



Degişli Habarlar