IV Etnosport Medeniýet festiwalynyň baş pälwany Ismail Balaban boldy

IV Etnosport Medeniýet festiwalynyň çäginde düýn geçirilen 3-nji Fetih Ýagly göreşi boýunça ýaryşda Ismail Balaban baş pälwan boldy

IV Etnosport Medeniýet festiwalynyň baş pälwany Ismail Balaban boldy

Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan “Palawdan ýüz öwüreniň çemçesi döwülsin” şygary bilen Stambul şäherindäki Atatürk howa menzilinde geçirilýän festiwalda 3-nji Fetih Ýagly göreşi boýunça ýaryş geçirildi.

Göreş bäsleşiklerine 40-y baş pälwan bolmak bilen jemi 300 pälwan gatnaşdy.

Geçirilen gyzgalaňly tutlyşyklaryň netijesinde Ismail Balaban baş pälwan adyna eýe boldy.

Semih Turgudyň 2-nji bolan ýaryşda, Jengizhan Şimşek we Ismail Erkal 3-nji boldy.

Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan pälwanlara sylaglaryny Bütindünýä Ertnosport Konfederasiýasynyň başlygy Bilal Erdogan gowşurdy.



Degişli Habarlar