Anadolyda öndürlen sintetiki boýagyň galyndylaryna gabat gelindi

Aýanis galasynda geçirlen gazuw agtaryş işlerinde Anadolyda öndürlen sintetiki boýagyň galyndylaryna gabat gelindi

1260092
Anadolyda öndürlen sintetiki boýagyň galyndylaryna gabat gelindi

Urartu Şasy II Ruşa tarapyndan Wan kölüne seredýän depede gurdurlan Aýanis galasynda geçirlen gazuw agtaryş işlerinde Anadolyda öndürlen sintetiki boýagyň galyndylaryna gabat gelindi.

Wanda 2700 ýyllyk bezegleri we kerpiç diwarlary bilen ünsleri özüne çekýän Urartu şalygynyň kaşaň binalaryndan biri bolan galada 30 ýyldan bäri dowam edýän gazuw agtaryş we abatlaýyş işlerinde taryhy galyndylara gabat gelindi.

Atatürk uniwersitetiniň Eedebiýat fakultetiniň Arheologiýa bölüminiň mugallymy Prof. Dr. Mehmet Yşyklynyň ýolbaşçylygynda geçirlen gazuw agtaryş işlerinde, galanyn dini dabaralaryň geçirilýän bölüminiň diwarlarynda 2700 ýyl ozal boýagyň ulanylandygy anyklanyldy

Ylmy işgärler şol boýagyň Anadolyda öndürlen ilkinji sintetiki boýagdygyny anyklady.

 



Degişli Habarlar