"Halkymyz TRT-nyň berýän habarlarynyň ählisine ynanýar"

TRT-nyň Baş direktory Ibrahim Eren: "Halkymyz TRT-nyň berýän habarlarynyň ählisine ynanýar" diýdi

1245006
"Halkymyz TRT-nyň berýän habarlarynyň ählisine ynanýar"

Ibrahim Eren, Aziýa-Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) esasy çärelerinden biri bolan TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde geçirilýän 5-nji Global Habar Forumyna gatnaşdy. 

ABU-nyň başlygynyň orunbasary wezipesini alyp barýandygyny aýdan Ibrahim Eren, forumy 35 ýurtdan 120-den gowrak myhman bilen geçirýändiklerini habar berdi. 

Ibrahim Eren, forumyň şu ýylky temasynyň "Habarda ynam we hakykatlar" bolandygyny belläp: "Döwlet ýaýlym organynyň işgäri hökmünde we esasy akym media hökmünde ynam, häzirki döwrüň iň uly meseleleriniň biridir. Sebäbi tomaşaçylarymyzyň tomaşa edip bilýän millionlarça habar çeşmesi bar, sosial medianyň üsti bilen 100-lerçe habar okaýarlar we görýärler. Halkara derejede 'fake news' diýip atlandyrylýan, ýalan habarlar örän köp gezek gün tertibe geldi, ýaýramaga başlady. Bu bolsa biz ýaly döwlet ýaýlym organlarynyň işgärleriniň we esasy akym kanallaryň jogapkärçiliklerini has hem artdyrýar" diýip nygtady. 

TRT habaryň 1 ýyldan gowrak wagt bäri tomaşa edilmek derejesi boýunça iň ýokary orunlardadygyny aýdan Eren: "Halkymyz TRT-nyň berýän habarlarynyň ählisine ynanýar. TRT hökmünde etmäge synanyşýan zadymyzam hakykatdan hem tomaşaçylarymyza hemişe dogry habary bermek, berýän habarlarymyzyň ählisine gözegçilik etmek we habarlaryň içinde ýalňyş maglumatlaryň bolmazlygyna örän gowy edip üns bermek. Her gün ýüzlerçe, hepdede bolsa müňlerçe täze habar berýäris. Bu habarlaryň ählisine gözegçilik etmek hakykatdan hem örän kyn" diýip belledi. 

Ibrahim Eren, tomaşaçylaryň çalt ýagdaýda habar sarp edýändigini belläp: "Habarlar örän tiz könelýär, täzesini öwrenmek, görmek isleýärler. Bu bolsa bizi örän kyn ýagdaýa salýar" diýdi. 


Etiketkalar: #Ibrahim Eren , #TRT

Degişli Habarlar