Agyr atletikaçylar Gruziýadan 14 medal bilen gaýdyp geldiler

Ýewropa Agyr atletika çempionatyny Türkiýe 3 altyn, 6 kümüş we 5 bürünç medal bilen tamamlady

1183028
Agyr atletikaçylar Gruziýadan 14 medal bilen gaýdyp geldiler

Gruziýanyň Batumi şäherinde tamamlanan çempionatda zenanlaryň arasynda 45 kg agyrlyk derejesinde Şaziýe erdogan we erkekleriň arasynda 67 kg agyrylygynda Daniýar Ismailow, Türkiýäniň Milli senasyny ýaňladyrmagy başardy. 

Şaziýe Erdogan silterläp götermekde 75 kg bilen altyn medal, itekläp götermekde 88 kg bilen kümüş medal, jemi bolsa 163 kg bilen altyn medal aldy.  

Daniýar Ismailow bolsa silterläp götermekde 147 kg bilen altyn medala eýe boldy. 

Çempionatda medal alan beýleki türk türgenler bolsa şu aşakdakylar:

 

- Zenanlaryň arasynda:

55 kg: Aýşegül Çoban Başol (1 bürünç)

 

- Erkekleriň arasynda:

55 kg: Muammer Şahin (1 kümüş we 2 bürünç)

61 kg: Bünýamin Sezer (2 kümüş)

61 kg: Ferdi Hardal (1 kümüş we 2 bürünç)

81 kg: Jelil Erdogdu (1 kümüş)



Degişli Habarlar