“Halkara Sungat Maslahaty we Ussatlyk Tälimi” öz işini tamamlady

Stambulyň “Holidaý Home & Suites” myhmanhanasynda geçirilen 11 ýurtdan 36 sungat ussadynyň gatnaşmagyndaky “Halkara Sungat Sungat Maslahaty we Ussatlyk Tälimi” tamamlandy

1154453
“Halkara Sungat Maslahaty we Ussatlyk Tälimi” öz işini tamamlady

Pakistan, Hindistan, Eýran, İtaliýa, Kosowa, Makedoniýa, Russiýa we Türkiýe bilen bilelikde 11 ýurtdan 36 sungat ussadynyň ussatlyk tämilinde taýarlan 60-a golaý eseri ýapylyş çäresinde sergilendi.

Çäräni “Blue Rhino Sungat Konsaltingiň” çäginde guran eýranly suratkeş Tima Žam beren beýannamasynda gatnaşyjylaryň 10 günüň dowamynda türk sungat ussatlarynyň iş ussahanalaryna baryp görendiklerini belläp; “Sungat ussatlarynyň ussahanalarynda Türkiýedäki döwrebap sungat giňişligi bilen tanyşmaga mümkinçilik tapandylar, şol bir wagtda Stambuldaky käbir muzeýleri we sungat galareýalaryna hem baryp gördüler” diýdi.

Çärä İtaliýadan gatnaşan Mauro Di Silwestre bolsa: “Bu ýerde ýurtlaryň medeniýetleriniň bizden nähili tapawutlydygyny gördüm. Elbet ol gowy tapawutlylyk. Diňe bir medeniýetleriň biri-birinden alysda durýandygyny duýdum. Şol sebäpli şeýle çäreler jebisleşdiriji bolýar. Stambula ilkinji gelişim. Bärisi iňnän tapawutly şäher. Sungatda bizden tapawutly” diýdi.

Albaniýadan ganaşan Mustafa Arapi bolsa 5-nji gezek Stambula gelendigini nygtap: “Bu ýer düýş ýaly şaher. Bu ýeriň taryhyny, medeniýetini söýýäris. Çärede eýranly sungat ussatlary bilen ilkinji gezek duşuşdyk. Bizi duşuşdyranlara sagbolsun aýdýarys” diýdi.



Degişli Habarlar