Üç tonnalyk taryhy haly 120 ýyl soň ýuwuldy

Haly Ýyldyzda gurulan howuzlaryň birinde ýuwuldy we abatlaýyş işleri üçin taýar ýagdaýa getirildi

1114846
Üç tonnalyk taryhy haly 120 ýyl soň ýuwuldy

Stambul şäheriniň Ýyldyz Şale köşgüniň dabara zalynda ýerleşýän 120 ýaşyndaky we 468 ind metr ululugyndaky dünýäniň iň uly halylaryndan biri bolan Hereke halysy abatlaýyş işlerinden ozal ilkinji gezek ýuwuldy. 

Haly, Osmanly Türkmen döwletiniň Soltany II Abdülhamid zamanynda Germaniýanyň imperatory II Wilgelmiň sapary üçin 1897-nji ýylda Hereke haly we Ýüpekli dokama fabriklerinde dokatdyrylyp, zalyň ähli ýerini gaplajak ýagdaýda dokatdyryldy. 

Ululygy sebäpli şol wagt Ýyldyz Şale köşgüne kynlyk bilen salynyp, dabara zalyna serilen haly, 120 ýyldan soň ilkinji gezek zaldan çykaryldy. 

Haly Ýyldyzda gurulan howuzlaryň birinde ýuwuldy we abatlaýyş işleri üçin taýar ýagdaýa getirildi. 

3 tonna agyrlygyndadygy çak edilýän dünýäniň iň uly halylarynyň biri hökmünde kabul edilýän haly 2,5-3 ýyl dowam etjek abatlaýyş işlerinden soň Ýyldyz Şale köşgüniň dabara zalyna ýaňadandan ýerleşdiriler. 

 


Etiketkalar: #Stambul , #haly , #tonna , #köşk

Degişli Habarlar