Moskwada “Türk Medeniýetiniň Güni” geçirildi

Türk Medeniýetiniň Gününe uly gyzyklanma bildirildi

1093322
Moskwada “Türk Medeniýetiniň Güni” geçirildi

Ýunus Emre Institutynyň Moskwadaky bölümi bilen Russiýanyň Döwlet Gumanitar Ylymlar Uniwersitetiniň guramagynda geçirilen çärä Türkiýäniň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hüseýin Diriöz, Uniwersitetiň Rektory Professor Efim Piwowar, rektoryň orunbasary Professor Wera Zabotkina, Ýunus Emre İnstitutynyň Moskwadaky bölüminiň müdiri Professor Ömer Özkan bilen Rus-Türk Ylym we barlaglar merkeziniň müdiri Dosent Aleksandr Wasilýew hem-de talyplar gatnaşdylar.

Uniwersitetiň Türkologiýa bölüminde okaýan talyplaryň Türkiýe barada tanyşdyryjy çykyşlary, türk şygyryndan, aýdym-sazlaryndan, Nasrettin Hojanyň degişmeleri bilen dowam eden çäräde ebru sungatynyň ussahana tejribesi hemmelerde täsir galdyrdy.

Ýunus Emre İnstitutynyň Moskwadaky bölüminiň müdiri Özkan çärede sözlän sözünde Russiýadaky ýokary okuw mekdeplerinde köp sanly türkologyň we türkologiýa bölüminiň talyplarynyň bardygyna ünsi çekip, olar bilen ýakyndan gatnaşyk edýändiklerini aýtdy.

Türk Medeniýeniň gününe bagyşlanan çäräniň şol gatnaşyklara laýyklykda geçirlendigine ünsi çeken Ömer Özkan; “Dogursyny aýtsam Türkiýe we türk medeniýeti bilen bagly geçirýän çärelerimiziň ählisine uly gyzyklanma görkezilýär. Geljek ýyl Russiýada “Türkiýe Ýyly” we Türkiýede-de “Russiýa Ýyly” diýlip yglan edldi. Şol çakde 2019-njy ýylda has uly çäreleriň geçirilmegini meýilleşdirýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar