Türk firmalary Bolgariýada açylan halkara tekstil sergisinde ünsleri özüne çekýär

Türk firmalary Bolgariýanyň günorta gündogarynda ýerleşýän Filibe şäherinde açylan halkara tekstil sergisinde ünsleri özüne çekýär

Türk firmalary Bolgariýada açylan halkara tekstil sergisinde ünsleri özüne çekýär

Filibe sergi merkezinde açylan Halkara Tex Tailor Expo 2018 sergisine 7 ýurtdan 97 firma gatnaşýar.

Üç gün dowam etjek sergide ýaş modaçylaryň taýarlan döwrebap egin eşikleri bilen dokma senagaty pudagyndaky täze tehnalogiýalar tanyşdyrlar.

Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşan Bolgariýanyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Lyçezar Borisow, türk firmalarynyň sergä gatnaşmagyndan hoşaldyklaryny aýrtdy.

Bolgariýada dokma senagady pudagynda iş alyp barýan 5 müňden gowrak firmanyň bardygyny aýdan Borisow, şol firmalaryň 100 müň adama iş mümkinçiligini hödürleýändigini belledi.

 


Etiketkalar: sergi , Bolgariýa , senagat , pudak

Degişli Habarlar