Şu gün UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym final duşuşyklary başlaýar

Ýewropa futbolynyň klublar derejesindäki iň meşhur ýaryşyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşyklary şu gün we ertir geçiriler

957236
Şu gün UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym final duşuşyklary başlaýar

Britaniýanyň wekili Liwerpul komandasy şu gün Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:45-de Italiýanyň Roma komandasy bilen Anfield Road stadionynda oýnar. 

Germaniýanyň Bawariýa Mýunhen komandasy bolsa ertir Allianz stadionynda Ispaniýanyň wekili Real Madrid komandasy bilen oýnar. Bu duşuşyk hem Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:45-de başlar. 

Jogap duşuşyklar 1-2-nji maý aralygynda geçiriler. 

 


Etiketkalar: #komanda , #UEFA

Degişli Habarlar