Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy FIFA sanawynda 3 basgançak ýokary galdy

Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy Halkara Futbol federasiýalary bileleşigi FIFA tarapyndan çap edilen dünýä sanawynda 3 basgançak ýokary galdy

911400
Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy FIFA sanawynda 3 basgançak ýokary galdy

FIFA-nyň internet saýtyndan beýan edilen ferwal aýy bilen bagly sanawa görä 735 bala eýe bolan Türkiýäniň ýygyndysy ýene-de 3 basgançak ýokary galyp, 38 oruna geçdi.

FIFA-nyň Bütündünýä kubogynyň soňky çempiony Germaniýa geçen aý bolşy ýaly öz ýerini gorady. 

Braziliýa sanawyň 2-nji ornunda, Portugaliýa bolsa özüniň 3-nji ornundaky ýerini gorady. 

Nobatdaky FFIFA dünýä sanawy 15-nji martda çap ediler. 

 


Etiketkalar: #FIFA , #sanaw , #Türkiýe , #ýygyndy

Degişli Habarlar