Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň finalçylary kesgitlenildi

Boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär

911545
Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň finalçylary kesgitlenildi

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde dowam edýän Türkmenistanyň boks boýunça çempionatynyň çäklerinde ýarym final duşuşyklary geçirildi. Ýurdumyzyň güýçli boksçylary finala çykmak ugrunda bäsleşdiler, bu gün ýeňilenler bolsa, üçünji orunlar hem-de bürünç medallary bilen oňmaly boldular. Ringde duşuşyklaryň ähmiýetini nazara alanyňda, olar özüne çekiji bolup, köpsanly tomaşaçylarda hem-de ýaryşlaryň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi.

Oýun güni 48 kilograma çenli iň ýeňil agram derejesinde zenanlaryň ýarym final duşuşyklary bilen açyldy. Duşuşygyň birinji raundy deňeçer geçip, onda Balkan welaýatynyň toparyna wekilçilik edýän Göwher Begjanowa tiz urgulary—göni jebleri ulandy, Aşgabatdan Gülşat Poladowa bolsa garşylyklaýyn takyk urgular bilen jogap berdi. Bäsleşigitň ikinji raundy özara birmeňzeş hüjümler bilen geçdi. Üçünji jemleýji raundy paýtagtly türgen gyz işjeň geçirip, takyk urgularyň birnäçesini ýerine ýetirdi, bu bolsa, jemleýji netijäni onuň peýdasyna kesgitledi. G.Poladowa ýaryşyň ilkinji finalçysy bolup, altyn ugrunda göreşmegi dowam etmäge mümkinçilik gazandy.

Final duşuşygyna ikinji ýollanmany şu agram derejesinde Lebap welaýatyndan Şährizada Merdanowa gazandy. Ol ýurdumyzyň Demirgazyk sebitinden gelen Gülhumar Atabaýewany ýeňmegi başardy. 
Şährizada urgularynda has dürs bolmak bilen, duşuşygyň başyndan öz garşydaşyna hüjümleri guramak başartdy.

54 kilograma çenli agram derejesinde hem zenanlaryň arasynda finala çykjaklar kesgitlendi. Birinji ýarym finalda Daşoguz welaýatynyň toparyndan Çemen Durdyklyçewa hem-de paýtagtymyzdan Güljeren Saparowa duşuşdylar. Çemen boýunyň uzynlygyndan peýdalanyp, bäsdeşini uzak aralykdan urgular bilen ýykmaga hem-de ony özi üçin howpsuz aralykda saklamaga synanyşdy. Paýtagtly türgen gyz muňa işjeň hereketler bilen jogap berip, aralygy kemeltmäge çalyşdy. Birinji raundyň ilkinji sekuntlary deňeçer geçen bolsa, soňra Ç.Durdyklyçewa bäsdeşiniň hereketlerini öwrenip, ony garşylyklaýyn hüjümler bilen üstünlikli garşylap ugrady. Netijede aşgabatly türgen gyz birinji raund tamamlanmazdan, göreşi bes etmäge mejbur boldy.

Şu agram derejesindäki ikinji ýarym final hem möhletinden öň, birinji raundda tamamlandy. Onda Selbi Kuwuşewa bäsleşigi birnäçe takyk urgular bilen başlap, ýeňiji bolmagy başardy. Emin nokauta çenli sanap başlamaly boldy, emma Göwher Hamraýewa göreşmegi dowam etdi, ýöne birnäçe minutdan onuň tälimçileri duşuşygy tamamlamak hem-de ringden çykmak kararyna geldiler. Türgenleriň ikisi hem Lebap welaýatynyň toparyna wekilçilik etdiler.

Zenanlaryň arasynda göreşler tamamlanandan soň, ýaryşa gatnaşyjylara hem-de tomaşaçylara ýaryşlaryň hormatly myhmanlary— höwesjeň halkara boksçylaryň assosiasiýasynyň wise-prezidenti we Aziýa boks konfederasiýasynyň prezidenti Serik Konakbaýew, ýokary derejeli boksyň ýyldyzlary—WBA-nyň we IBF-niň çempiony Denis Lebedew, Olimpiýa çempiony Oleg Saitow, şeýle hem meşhur türgen we artist, garyşyk başa-baş söweşler boýunça 1995-nji ýylyň dünýä çempiony Oleg Taktarow gutlag sözleri bilen ýüzlendiler. Çykyş edenler ýaryşlaryň geçirilişleriniň ýokary derejesini, olaryň guramaçylygyny hem-de türgenleriň uly yhlasyny bellediler.

Soňra duşuşyklar erkekleriň arasynda dowam etdi. Her agram derejesinde iki duşuşykdan geçirilip, ýarym finallaryň dartgynly tapgyry garaşýardy. Türgenler altyn ugrunda göreşmegi dowam etmek hukugyna dalaş edip, öz ussatlyklaryny açyp görkezmäge çalyşdylar.

Ilki 49 kilograma çenli iň ýeňil agram derejesinde ýarym final duşuşyklary geçirildi. Olaryň birinjisinde Lebap welaýatynyň toparyna wekilçilik edýän 
Begenç Annageldiýew ýeňiş gazandy. Ol göreşe täsirli urgulary, aýratyn-da, garşylyklaýyn urgulary şowly geçirmek bilen başlady. Aýratyn-da, netijeli geçirilen goşa urgydan soň, onuň bäsdeşi--Balkandan Omar Hajyýew nokdauna sezewar boldy, şondan soň, eminler duşuşygy tamamlamak kararyna geldiler.

Ikinji ýarym final ýeňil agramdaky bäsleşiklere mahsus bolan işjeň häsiýetde geçdi, onda Lebapdan Jabar Meleýew hem-de aşgabatly Daýanç Annaseýidow duşuşdylar. Türgenler güýçli urgulary geçirip, tiz-tizden hereket etdiler. Ikinji raundyň ahyrynda paýtagtymyzdan bolan boksçy depginini saklamagy dowam etdi, onuň bäsdeşi bolsa görnetin ýadap ugrady. Emma bu ýagdaý duşuşygyň ykbalyny çözmedi. Daýanç üçünji raundda hem hüjüm etmegini dowam etdi. Emma Jabar dogry emeli saýlap aldy hem-de bäsdeşini takyk urgular bilen yzygiderli garşylady, bu bolsa netijede lebapdan gelen türgene ýeňiş getirdi.

52 kilograma çenli agram derejesindäki ýarym final duşuşykda göreşiň ýagdaýyny türgenleriň boýlaryndaky tapawut kesgitledi, olaryň ikisi hem paýtagtymyzyň toparyna wekilçilik etdiler. Boýy has uzyn Mergen Meläýew bäsdeşini belli bir aralykda saklamaga çalyşdy. Söhbet Gökjäýew bolsa aralygy ýakynlaşdyryp, urgulary has golaýdan ýerine ýetirdi. Üçünji raundyň ahyrynda Mergen garşylyklaýyn hüjümde çep tarapdan gapdal urgyny jaýdan geçirdi, şondan soň onuň bäsdeşi duşuşygyň ahyryna çenli göreşse-da, ýeňşe bolan mümkinçiligini elden giderdi. M.Meläýew finala çykmagy başardy.

56 kilograma çenli agram derejesindäki birinji ýarym finala onuň ýeňijisi—paýtagtymyzdan boksçy Begenç Alimow tiz çykyp, öz atdaşy – Mary welaýatynyň toparyndan Begenç Myratgulyýewi nokdauna sezewar etdi. Soňra B.Alimow yzygiderli hüjüm etdi, netijede onuň bäsdeşiniň tälimçileri göreşi tamamlamak kararyna geldiler.

Şu agram derejesinde hem Aşgabatdan boksçy Ýakup Meredow ikinji finalçy bolmagy başardy, ol örän erjel hereket etdi, emma ýeňiş oňa aňsat düşmedi. Lebap welaýatyndan Zarip Açylow örän sowatly goranyp, takyk urgulary ýerine ýetirdi. Emma üçünji raundda Z.Açylow birnäçe gapdal urgularyny goýberip ugrady. Şu hem duşuşygyň netijesini öňünden kesgitledi.

60 kilograma çenli agram derejesinde ýarym final duşuşyklary iki aşgabatlynyň-- Begmyrat Halmyradowyň hem-de Hursend Imankulyýewiň arasyndaky duşuşyk açdy. H.Imankulyýew tutlyşygy ynamly başlasa-da, sag el bilen gapdaldan urlan kuwwatly urgyny goýberdi, ýöne, duşuşygyň ahyrynda has dürs çykyş edip, ýene-de ýeňiş gazandy. Garşydaşlar hüjüm etmek üçin amatly pursady ussatlyk bilen saýlaýardylar we olaryň hüjümleri köplenç deň derejede bolýardy.

Ikinji ýarym finalda Aşgabatdan Ýazmyrat Gurbanow ýeňiji boldy. Ol çempionatyň geçen ýylky finalçysy, Lebap welaýatynyň toparyna wekilçilik edýän Arslan Urunowy örän ynamly ýeňdi. Aşgabatly birinji raundyň ortalaryndan kellä urlan yzygiderli dürs urgulardan soň, ýagdaýlary ele aldy hem-de ikinji raundda hüjüm etmegini dowam etdi.

64 kilograma çenli agram derejesinde iki sany ýarym finalda diňe paýtagtly boksçylar duşuşdylar. Togrulbek Pazzyýew we Zufar Saparbaýew birinji raundda işjeň hüjüm etmek bilen, ygtybarly goranyşlaryny görkezdiler. Ikinji raundda eýýäm hüjümler agdyklyk etdi. Üçünji raundda Togrulbegiň urgulary has dürs boldy, şu hem oňa ynamly ýeňmäge mümkinçilik berdi.

Şu agram derejesinde ikinji ýarym final has-da deň ýagdaýda boldy, üç raundyň ählisi türgenleriň ikisiniň hem işjeň hüjüm etmegi ýagdaýynda geçdi, olar iň soňky sekuntlara çenli ýeňiş üçin göreşdiler. Ahyrky netijede eminler Muhammet Berdibaýewiň urgulary Şöhrat Durdyýewe görä, has dürs boldy diýip hasapladylar.

69 kilograma çenli agram derejesinde birinji finalçy aşgabatly Serdar Amangeldiýew we lebaply Bagtyýar Joraýewiň arasyndaky bäsleşikde kesgitlenildi. B.Joraýew göreş meýdançasynyň merkezini eýeläp, işjeň hüjüm etdi hem-de birnäçe güýçli urgulary geçirdi. Emma, S.Amangeldiýew başarnykly hereketler bilen urgulardan sowlup, dürs hüjümleri geçirdi we ikinji raundyň ortalaryna çenli garşydaşynyň urgularyndan üstünlik bilen sowulmagy başardy, ýaryşyň ahyryna çenli bolsa, şowly hüjümleriň birnäçesini geçirip, duşuşygy ýeňşe alyp bardy.

Ikinji ýarym finalda aşgabatly Muhammetmyrat Sähedow duşuşygyň başyndan işjeň hüjüm etdi, ýöne, üstünlik gazanyp bilmedi. Onuň garşydaşy Daşoguz welaýatynyň toparyndan Timur Täjimowa garşylyklaýyn dürs urgulary ýerine ýetirmek başartdy, ikinji raundda ol hüjümleri özara alyşmaga çenli alyp bardy hem-de ýeňiş gazandy.

75 kilograma çenli agram derejesinde paýtagtly boksçylaryň ikisi duşuşdy. Ýaryşyň üç raundynyň ählisinde artykmaçlyga eýe bolan Nursähet Pazzyýew ýeňşe mynasyp boldy. Duşuşygyň ahyrynda onuň garşydaşy Maksat Geldinazarow diňe goranyşa geçip, hüjümlere asla jogap bermedi.

Aşgabadyň toparyndan Aziz Açylow hem finala çykdy. Ol bäsleşigi işjeň alyp baryp, duşuşygyň bütin dowamynda diýen ýaly güýçli urgulary urdy. Diňe ikinji raundda onuň garşydaşy ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň toparyndan Resul Ýeldaşew birnäçe jogap urgulary geçirmegi başardy, emma, soňra ýene-de goranyşa geçdi.

81 kilograma çenli agram derejesinde birinji ýarym final örän çalt geçdi. Onda iki sany paýtagtly boksçy duşuşdy. Duşuşyk başlanyndan 1 minut geçenden soň, Nurýagdy Nurýagdyýewiň sag eli bilen gapdaldan uran güýçli we dürs ýeke-täk urgusy ýaryşyň ykbalyny çözdi diýen ýaly. Şondan soň, Ýazmuhammet Orazow duşuşygy dowam edip bilmedi.

Ikinji bäsleşik, tersine, örän dartgynly boldy. Onda Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýän Ustabek Samandarow üstün çykdy. Ol birinji raundy uly bolmadyk artykmaçlyk bilen geçirdi we üçünji raundda has güýçli boldy. Oňa garşylyk görkezmäge synanyşan Lebap welaýatyndan Mämmet Altyýew ikinji üç minutlykda ýagdaýy ele almagy başarsa-da, bu ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.

Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýarym finallarynyň agşamyny örän abraýly agram derejelerinde—agyr we ýokary agram derejelerindäki duşuşyklar tamamlady.

91 kilograma çenli bolan türgenleriň ilkinji duşuşygy tutuş ýaryşda iň tiz tamamlanan duşuşyk boldy. Lebap welaýatynyň toparyna wekilçilik edýän Aslanbek Açilowa garşydaşyny nokdauna ýetirmek üçin 20-30 sekunt gerek boldy, şondan soň, balkanly boksçy Meýlis Ýeşmiýewiň sekundantlary duşuşygy tamamlamak kararyna geldiler.

Agyr agram derejesindäki ikinji ýarym finalda ýaryş deňeçer diýen ýaly boldy. Lebap welaýatynyň toparyndan Şöhrat Hojanepesow hüjüm etdi, aşgabatly Armen Pogosýan bolsa garşydaş hüjümler bilen jogap berip, goranyş häsiýetli usuly saýlap aldy. Boksçylaryň ikisi hem seresaplylyk bilen hereket etdi, çünki şeýle agramda goýberilen ýekeje urgy duşuşygyň ykbalyny çözüp biljekdi. Eminleriň beren agdyklyk eden utugyna Ş.Hojanepesow mynasyp boldy.

91 kilogramdan ýokary has agyr derejede birinji ýarym finalda ýurdumyzyň häzirki çempiony Lebapdan Şöhrat Pirimanow hem-de aşgabatly Baky Toýçyýew duşuşdylar. Birinji raund çempionyň uly bolmadyk artykmaçlygy bilen geçdi. Ikinji raundda onuň garşydaşy birnäçe hüjümleri geçirmegi başardy, emma çynlakaý urgulara çenli ýetmedi, ýöne, duşuşygyň barşyny üýtgetmäge mümkinçilik berdi. Netijede, eminler ýeňşi B.Toýçyýewe berdiler.

Ikinji ýarym final kuwwatlylygyň we ykjamlylygyň duşuşygyna öwrüldi hem-de Atajan Nurgeldiýewiň garşydaşy Tejen Hommadowy nokdauna salmagyndan başlandy. Olaryň ikisi hem Aşgabatdan. T.Hommadow urgudan açylyp, öz ykjamlygyndan peýdalandy hem-de garşydaşyna ençeme urgulary urdy, ýöne ýene-de bir güýçli urgyny özüne goýberip, duşuşygy dowam etmegi başarmady. Tehniki nokaund bilen ýeňiş A.Nurgeldiýewe degişli boldy.

Boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär. (TDH)



Degişli Habarlar