Sudanda IV Halklar bilen Dostluk festiwaly başlady

Sudanyň paýtagty Hartumda IV Halklar bilen Dostluk festiwaly öz işine başlady

904487
Sudanda IV Halklar bilen Dostluk festiwaly başlady

Halkara Halk Dostluk geňeşi tarapyndan “Dünýä halklary Sudanda bir ýere jemlenýär” temasy bilen geçirilýän festiwala şu ýyl 86 ýurt gatnaşýar.

Festiwalyň Metbugat komitediniň başlygy El-Muiz Ýusuf festiwalyň çäginde gatnaşýan ýurtlaryň medeniýetleriniň tanyşdyryljakdygyny we özleriniň hem şol ýurtlara Sudanyň halkynyň medeni mirasyny tanyşdyrjakdyklaryny belledi.

Ýusuf festiwalda mundan başgada gatnaşýan ýurtlara degişli 11 müň sany baýdak bilen bilelikde Nil köçesinde ýöriş gurajakdyklaryny beýan etdi.

Türkiýäniň Ýunus Emre institudynyň we Magaryf gazna mekdebiniň üsti bilen gatnaşýan festiwalda käbir türk milli tagamlary, kitaplar we suratlar sergilenýän stend açyldy.

Festiwal şenbe gününe çenli dowam eder.

Geçen ýyl festiwala 70 ýurt gatnaşypdy.



Degişli Habarlar