Günorta we Demirgazyk Koreýaly türgenler olimpiada oýunlarynda bir baýdagyň astynda ýörär

Günorta we Demirgazyk Koreýaly türgenler Günorta Koreýada geçiriljek 2018 Gyşky olimpiada oýunlarynyň açylyş dabarasynda bir baýdagyň astynda ýörär

891593
Günorta we Demirgazyk Koreýaly türgenler olimpiada oýunlarynda bir baýdagyň astynda ýörär

Ýonhap habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, iki ýurduň arasyndaky serhetde ýerleşýän Panmunžom obasynda duşuşan ýolbaşçylar olimpiada oýunlarynyň açylyş dabarasynda türgenleriň “Birleşen Koreýa” baýdagynyň astynda ýöremegi babatynda ylalaşyk gazandy.

Iki ýurduň birlikde zenan hokeý komandasyny döretjekdigini nygtan ýolbaşçylar Demirgazyk Koreýanyň olimpiada oýunlaryna 230 adamlyk janköýer bilen 30 adamlyk tekwando komandasyny ugratjakdygyny belledi.

Iki Koreýa fewral aýynyň 9-25-i aralygynda geçiriljek olimpiadanyň öňüsyrasynda Demirgazyk Koreýanyň gündogaryndaky Kumnang dagynda bilelikde medeni çäre geçirer we Masikrýong liža merkezinde türgenleşik geçirer.

Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Koreýa iki ýyl soň Gyşky olimpiada oýunlary sebäpli ýaňadandan ýokary derejeli duşuşyk geçirmäge başlapdy.

 

 



Degişli Habarlar