Topkapy köşgünde taryhy hamam tapyldy

Fatih Soltan Mehmet üçin gurdurlan hüňkär hamamy tapyldy

869271
Topkapy köşgünde taryhy hamam tapyldy

Stambulda Topkapy köşgünde geçirlen abatlaýyş işlerinde taryhy hamam tapyldy.

Fatih Soltan Mehmet üçin 1460-njy ýylda gurdurlan hamam 5 patyşa tarapyndan ulanyldy.

Mesele hakynda berlen beýanatda “Bu hamam Fatih Soltan Mehmet döwründe Topkapy köşgüniň gurluşyk işlerinde gurdurlan köşgüň ilkinji hamamydyr. Fatih Soltan Mehmetden soň 1580-nji ýyllara çenli ýagny Fatih Soltan Mehmet, Baýazit II-nji, Ýawuz Soltan Selim, Kanuny Soltan Süleýman we Selim II-nji döwründe hüňkär hamamy hökmünde ulanyldy” diýildi.

Taryhy hamamyň galyndylary üstü aýna bilen ýapylandan soň sergilenmäge başlanar.



Degişli Habarlar