Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna konsert boldy

Iň gowy döredijilik işgärleri Maslahat köşgünde çykyş etdiler

835655
Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna konsert boldy

Baýramçylyk konserti ajaýyp zalda türkmenistanlylary hem-de bu şanly gün paýtagtymyza gelen ýurdumyzyň myhmanlaryny birleşdirdi. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary,Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, hormatly ýaşulular, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy we döredijilik toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelenler bar.

Baýramçylyk konsertinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlar türkmen sungatynyň häzirki zaman güýjüni, onuň ugurlarynyň köp öwüşgünliligini beýan etdi. 
Bu gezekki konsert Garaşsyz Watanymyza, biziň döwrümiziň belent döredijilik ruhuna bagyşlanandygyny we şolaryň esasynda milli medeniýetimiziň iň gowy däpleriniň nesilden-nesle geçirilip kämilleşdirilýändigini görkezýär.

Baýramçylyk konserti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän “Mähriban ýürekli Gahryman ogul!” diýen watançylyk aýdymy bilen açyldy.

Konsert maksatnamasyna belli sazandalaryň we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, tanymal estrada aýdymçylarynyň hem-de döredijilik we tans toparlarynyň çykyşlary girdi. Döredijilik ussatlary bilen bir hatarda bu ýerde öz zehinlerini sungat ýoluna başlaýan artistler görkezdiler.

Köşgüň sahnasynda milli we daşary ýurt aýdym-saz sungatynyň ajaýyp nusgalary, dessanlar we häzirkizaman eserleri ýaňlandy, eziz Watanymyzy, onuň gözelligini we kuwwatyny wasp edýän özboluşly aýdym-tansly çykyşlar ýerine ýetirildi. Asyrlaryň içinden geçip, şu günlere gelip ýeten özboluşly däp-dessurlarymyzy beýan edýän etnografik çykyşlar baýramçylyk maksatnamasyna sazlaşykly utgaşdy.

Artistler öz zehinleri we ýokary derejeli çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdylar. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagy baýramçylyk aýdym-sazlaryna özboluşly öwüşgin çaýdy we sahnada janly çykyşlaryň emele gelmegini şertlendirdi. (TDH)



Degişli Habarlar