Ýasmani Kopello Eskobar kümüş medalyň eýesi boldy

Türkiýe şeýlelikde çempionatdaky ilkinji medalyny aldy

787391
Ýasmani Kopello Eskobar kümüş medalyň eýesi boldy

Bütindünýä Atletika çempionadynda Türkiýäniň adyndan bäsleşýän Ýasmani Kopello Eskobar erkekleriň arasynda päsgelçilikli 400 metre ylgamakda ikinji boldy we kümüş medalyň eýesi boldy.

Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirilýän çempionadyň 6-njy gününde erkekler päsgelçilikli 400 metre ylgamak boýunça bäsleşdi.

2016 Rio olimpiadalarynda bürünç, Ýewropa çempionadonda altyn medal alan asly Kubaly Ýasmani Kopello Eskobar 48,49-lyk derejesi bilen ikinji boldy we kümüş medal aldy.

Norwegiýaly türgen Karsten Warholm 48,35-lik derejesi bilen altyn, Amerikaly Kerron Klement bolsa 48,52-lik derejesi bilen bürünç medal aldy.

Türkiýe şeýlelikde çempionatdaky ilkinji medalyny aldy.

 



Degişli Habarlar