12 ýaşyndaky Nehir Özzengin dünýä ikinjisi boldy

12 ýaşyndaky Nehir Özzengin Italiýada geçirlen Halkara pianino bäsleşiginde dünýä ikinjisi boldy

781432
12 ýaşyndaky Nehir Özzengin dünýä ikinjisi boldy

7-njy synypda okaýan Özzengin 5 ýyl ozal Aýdym saz akademiýasynda klasiki pianino bilimini almaga başlady.

Özzengin birnäçe bäsleşige gatnaşdy we baýrakly orunlara eýe boldy.

Nehir Özzengin ozal Halkara Mozart Akademi pianino bäsleşiginde ikinji we üçünji, Belgiýada geçirlen Halkara Jesar Frank pianino bäsleşiginde hem ikinji orny eýeledi.

Nehir Özzengin soňky gezek bolsa 26 ýurtdan 80 adamyň gatnaşmagynda geçirlen bäsleşikde bolsa dünýä ikinjisi boldy.

Özzengin her gün azyndan 2 sagat pianino çalýar.

12 ýaşyndaky Nehir “Dünýäniň çar tarapynda konsert programmasy bilen çykyş etmek, sazymy we ýurdumy ýakyndan tanatmak isleýärin” diýýär.



Degişli Habarlar