TRT Dokumental film günleri dabaraly ýagdaýda Stambulda açyldy

9-njy Halkara TRT dokumental film bäsleşigine gatnaşmak üçin 78 ýurtdan 677 film ýüz tutdy

731148
TRT Dokumental film günleri dabaraly ýagdaýda Stambulda açyldy

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň şu ýyl 9-njy geçirilýän Halkara TRT dokumental film baýraklary we TRT Dokumental film günleri dabaraly ýagdaýda Stambulda açyldy.

Beýogly Grand Perada geçirlen açylyş dabarasyna sungat ussatlary gatnaşdy.

TRT-niň Baş müdüriniň orunbasary Ibrahim Erken TRT-niň Türkiýede prodýusserleri höweslendirmek üçin tagalla etmäge dowam edýändigini aýtdy.

TRT-nyň Baş sekretary Bünýamin Korkmaz hem dünýäniň çar tarapyndaky ynsanogly we adamzat hakyndaky täsin hekaýalary gürrüň berýän ýokary hili dokumental filmleriň görkeziljekdigini belledi.

9-njy Halkara TRT dokumental film bäsleşigine gatnaşmak üçin 78 ýurtdan 677 film ýüz tutdy.

Şol fimleriň arasyndan 36 film bolsa final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy.

15-nji maýda Jemal Reşit Reý konsert zalynda geçiriljek dabarada Halkara TRT dokumental film bäsleşiginiň ýeňijileriniň baýraklary eýelerine gowşurlar.

 



Degişli Habarlar