Çempionlar ligasynda çärýek final oýunlar başlady

Duşuşyklar Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:45-de başlar

710837
Çempionlar ligasynda çärýek final oýunlar başlady

Italiýanyň Ýuwentus topary öz meýdançasynda Ispaniýanyň ägirdi Barselonany 3-0 hasabynda ýeňdi.

Ýuwentus-Barselona duşuşygynyň ýyldyzy garşydaş toparyň derwezesine 2 pökgi atan Paulo Dybalo boldy.

Çempionlar ligasynyň çärýek final duşuşyklary şu gün geçiriljek oýunlar bilen dowam eder.

Germaniýanyň Bawariýa Mýunhen topary Ispaniýanyň Real Madrid topary bilen, Ispaniýanyň Atletiko Madridi bolsa Britaniýanyň Lester Siti topary bilen oýnar.

Duşuşyklar Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:45-de başlar.



Degişli Habarlar