Türkiýe Moldowadan üstün çykdy

Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy düýn taýýarlyk oýunlarynda Moldowanyň ýygyndysyny 3-1 hasabynda ýeňdi

700511
Türkiýe Moldowadan üstün çykdy

Ýygyndylar Türkiýäniň Eskişehir şäherinde duşuşyk geçirdiler.

Türkiýäniň gollaryny garşydaş ýygyndynyň derwezesine Emre Mor, Ahmet Çalyk we Jengin Ünder geçirdiler.

Duşuşygyň Moldowa tarapdan atylan ýeketäk golyny bolsa Ginsari geçirdi.

Ýaş türgenlerden düzülen ýygyndy topar gelejek üçin hem umyt boldy.

 



Degişli Habarlar