Türk zenanyna UNESCO sylagy

Türk zenan ylmy işgär Bilge Demirköz UNESCO tarapyndan berilýän sylaga laýyk görüldi

698545
Türk zenanyna UNESCO sylagy

Dos. Dr. Bilge Demirköz UNESCO tarapyndan her ýyl halkara zenan ylmy-işgärlerine berilýän Halkara Zehinliler sylagyna laýyk görüldi.

Demirköz sylagyny Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen dabarada aldy.

Dabaradan soň türk metbugatyna interwýu beren Demirköz Atom energiýasy guramasy tarapyndan goldanan bir taslamanyň üstünde işländigini belläp: "Sylaga laýyk görülendigim üçin örän minnetdar. Türkiýä ilkinji gezek bular ýaly sylagy alyp barmakdan hoşal" diýdi.

 


Etiketkalar: #UNESCO , #sylag , #zenan , #alym

Degişli Habarlar