Aşgabat 5-nji Aziýa Oýunlaryna Taýarlanýar

Türkmenistan 62 ýurtdan sportyň 21 ugry boýunça 5 müň türgeniň gatnaşmagyna garaşylýan we sentýabr aýynyň 17-27-si aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin taýarlyklaryny dowam etdirýär

693859
Aşgabat 5-nji Aziýa Oýunlaryna Taýarlanýar

Olimpiadanyň guramaçylygy barada maglumat bermek üçin Türkmenistanyň Sport we syýahatçylyk instituty tarapyndan maslahat geçirildi.

Maslahata Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymlary, Olimpiada topary we guramaçylygyň ýolbaşçylary bilen Türkistanyň döwlet teleýaýlymynyň ýolbaşçylary dokladçy hökmünde gatnaşyp, olimpiada şäherçigi we guramaçylyk barada giňişleýin maglumat berdiler.

Türk firmalaryndan biri tarapyndanÝapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin gurulan desga, Olimpiýýa stadiony bilen birlikde 15 sany bäsleşik ýerini özünde jemleýär. Şeýle-de desganyň içinde türgenler, türgenleşdirijiler we ýolbaşçylar üçin ýaşaýyş jaýlary guruldy we desganyň gurluşygy tamamlandy. İndi nobat halkara çäresiniň taýarlyklaryna geldi.

Olimpiadany tanyşdyrmak üçin taýarlanan film TRT bilen birlikde halkara tele-radio guramalaryna ugradyldy. Malaýziýada, Günorta Koreýada we Katarda geçirilen maslahatlarda oýunlaryň tanyşdyrlyş çäresi geçirildi.

5-nji Aziýa Oýunlarynda 10 müň türkmenistanly meýletiniň işlemegi meýilleşdirilýär. Türkmenistandaky döwlet uniwersitetiniň talyplaryndan ybarat bolan meýletinler toparynyň tälimleriniň we sport desgalaryndaky zallaryň synag işleriniň ýokary depginde dowam edýändigi habar berildi.

Maslahata gatnaşan ýolbaşçylaryň beren maglumatyna görä 5-nji Aziýa Oýunlaryny tanyşdyrmak üçin Hazar deňiziniň kenarynda ýerleşýän Awaza milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Maslahata daşary ýurtlarda köp sanly žurnalistiň, ýaýlym işgärleriniň we sport wekilleriniň çagyrylmagy nazarda tutulýar.



Degişli Habarlar