Azerbaýjan halkara sport çarelerinden ýene-de birine ýer eýeçiligini etmäge taýarlyk görýär

Baku 2017 Yslam Arkalaşyk Oýunlarynyň taýarlyklary ýokary depginde dowam edýär

683896
Azerbaýjan halkara sport çarelerinden ýene-de birine ýer eýeçiligini etmäge taýarlyk görýär

Azerbaýjan halkara sport çarelerinden ýene-de birine ýer eýeçiligini etmäge taýarlyk görýär.

Baku 2017 Yslam Arkalaşyk Oýunlarynyň taýarlyklary ýokary depginde dowam edýär.

Oýunlaryn başlamagynda 3 aýdan az wagt galanda TRT-niň topary paýtagat Bakuwdaky taýarlyklar bilen tanyş boldy.

Azerbaýjan 2015-nji ýylda Ýewropa oýunlaryny üstünlik bilen amala aşyrmagyň hötdesinden gelipdi.

Indi nobat Yslam Arkalaşyk oýunlarynda. Ýewropa oýunlarynda bolşy ýaly, ähli zadyň birkemsiz bolmagy üçin 13 müň adam tagalla edýär.

Yslam Arkalaşyk oýunlary Bakuwdaky 16 sport desgasynda geçiriler.

65 müň adam üçin niýetlenen Bakuwyň Olimpiýýa stadiony oýunlaryň merkezi bolar.

Bakuwyň Olimpiýýa stadiony türk firmalary tarapyndan guruldy. Gurluşygy 2015-nji ýylda tamamlandy. Gymmaty 650 million dollara barabar boldy. Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary, atletika boýunça bäsleşikler şol stadionda geçiriler.”

Oýunlara tomaşa etmäge geljek myhmanlar üçin wiza işleri ýeňilleşdirildi.

Azerbaýjana gelmek isleýän daşary ýurtlylar ewiza.gow.az internet salgysyndan wiza üçin ýüz tutup, üç günüň dowamynda wiza alyp bilerler.

Yslam Arkalaşyk oýunlarynda futboldan basketbola, altletizmden tennise çenli sportyň 20 ugry boýunça bäsleşiler.

TRT bolsa şol halkara sport çäresini  sport muşdaklaryna ýetirer.

Bäsleşikler TRT Awaz we TRT Spor ekranlaryndan göni alynyp görkeziler.

 



Degişli Habarlar