Baryş Manço uly hormat bilen hatyralanýar

Meşhur aýdymçy Baryş Manço 1999-njy ýylyň 1-nji fewralynda aradan çykdy

663438
Baryş Manço uly hormat bilen hatyralanýar

Anadoly Rok sazynyň legandar lideri, aýdymçy, kompazitor Baryş Manço aradan çykan gününiň 18-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralanýar.

Baryş Manço 1943-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Stambulda dünýä inýär.

2-nji Jahan urşy ýyllarynda doglandygy üçin maşgalasy oňa Mehmet Baryş adyny dakýar.

Kiçi ýaşda aýdym aýtmaga başlan Manço Daglar daglar atly aýdymy bilen ýakyndan tanalýar we halkyň göwnünden turmaga başlaýar.

TRT-de ýaýlyma berlen “7-den 77-ä” atly gepleşigi bilen çagalaryň köňlünde tagt gurdy.

Baryş Mançonyň aýdymlary arap, ýapon, pars, iňlis we fransuz dillerine terjime edildi we ýerine ýetirildi.

Meşhur aýdymçy Baryş Manço 1999-njy ýylyň 1-nji fewralynda aradan çykdy.

 



Degişli Habarlar