Waşingtonda türk festiwaly geçirildi

“Türk mirasynyň aýyna” bagyşlanan çäreleriň dowamynda 14-nji Waşington türk festiwaly geçirildi

576916
Waşingtonda türk festiwaly geçirildi

ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde we golaýynda ýaşaýan köp sanly türk we ýerli halk Waşington Türk-Amerikan jemgyýetiniň guramagynda Ak Tamyň golaýyndaky köçelerden birinde geçirilen festiwala uly gyzyklanma görmezdiler.

Türk medeniýetini tanyşdyrmagy maksat edinýän çärede türk aşhanasynyň tagamlary hödürlendi, türk folklar çykyşlary ýerine ýetirildi.

Milli egin-eşikleri bilen sahna çykan folklor toparynyň çykyşyna uly gyzyklanma görkezildi.

Festiwalda Osman-türk medeniýetini tanyşdyrýan önümler gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Türk el halylary bilen Osman döwrüne degişli egin-eşikleriň we syrçalaryň görkezilen sergisine türkler bilen birlikde daşary ýurtlylar hem gyzyklanma görkezdiler.

Çagalar üçin ýörite güýmeýje ýerleriniň açylmagy bolsa festiwala çagalary bilen gelenleriň göwnünden turdy.



Degişli Habarlar