Likiýa ýoly ultramarafony başlady

Türkiýäniň Mugla welaýatynyň Fethiýe etrabyndaky 509 kilometr uzynlygyndaky taryhy Likiýa ýolunda geçirilýän Likiýa ýoly ultramarafony başlady

576753
Likiýa ýoly ultramarafony başlady

Taryhy Likiýa ýolunyň takmynan 250 km bölümini öz içine alýan we her gün 1 etaby geçilip, 6 etapda tamam boljak marafona 8 aýry ýurtdan 220 türgen gatnaşýar.

Marafon boýunça taryhy galyndylaryň, gadymy şäherleriň, galalaryň we amfi teatrlaryň içinden ylgap geçjek türgenler şeýle hem tokaýlaryň, daglaryň, gumlaryň we dik gaýalaryň içinden hem geçerler.

Likiýa ýoly ultramarafony 1-nji oktýabrda ylganjak 6-njy etap bilen Antalýadaky gadymy şäher Phaselisde  tamamlanar.



Degişli Habarlar