Türkiýäniň Prezidenti Rio 2016 Olimpiýa oýunlarynda medal alan türkiýeli türgenleri kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Rio 2016 Olimpiýa oýunlarynda medal alan 8 türgen bilen duşuşdy

567485
Türkiýäniň Prezidenti Rio 2016 Olimpiýa oýunlarynda medal alan türkiýeli türgenleri kabul etdi

Erdoganyň Prezident Kompleksinde metbugat işgärlerine ýapyk ýagdaýda geçen kabul edilşiginde Premýer ministr Binali Ýyldyrym, Ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý, Prezidentiň Baş maslahatçysy Hidaýet Türkogly we Hamza Ýerlikaýa hem bardy.

Kabul edilşikde olimpiýa oýunlarynda Türkiýä ýeke täk altyn medal gazandyran pälwan Taha Akgül hem bardy.

Milli türgenler “Medallar gahryman şehitlere peşgeş bolsun” diýdiler we täze üstünlikleri gazanjakdyklary barada söz berdiler.

Prezident Erdogan medal alan türgenleri ýeke-ýeke gutlap, sowgat berdi.

Türgenler ondan soň bolsa Prezident Erdogan bilen ýadygärlik surata düşdiler.



Degişli Habarlar