Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi

16-njy awgustda ýurdumyzyň futbol meýdançalarynda Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş badalga aldy

553396
Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi

Ol 25-nji gezek geçirilýär. Toparlaryň arasynda ähmiýeti boýunça ikinji bolan hormatly baýrak ugrunda şu ýyl 11 topar bäsleşer. Olaryň dokuzysy ýokary liganyň, galan iki topar bolsa, birinji liganyň wekilleridir.

Baýrak ugrunda bäsleşijileriň altysy deslapky tapgyrdan ýaryşa goşuldylar. “Aşgabat” paýtagtymyzdaky “Nisa” stadionynda birinji liganyň Serdar şäherinden bolan “Sary-daş” toparyny 7:0 hasabynda  utup, çärýek finala ynamly gadam urýandygyny görkezdi. Bu jübütiň ýeňijisi 1/4 finalda “Ahal” bilen duşuşar.

Öz meýdançasynda birinji liganyň “Bagtyýarlyk-Lebap” toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykan “Merw” hem indiki tapgyra geçmäge oňat mümkinçiliklere eýedir. Iki duşuşygyň netijeleri boýunça bu jübütiň ýeňijisine çärýek finalda “Energetik” garaşýar.

Oýunlaryň geçirilen güni üçünji duşuşykda “Köpetdag” öz medançasynda “Turany” 2:0 hasabynda ýeňdi. Ýaryşlaryň indiki tapgyryna geçen ýagdaýynda ol çärýek finalda “Balkan” bilen güýç synanyşar.

Jogap oýunlar 23-nji awgustda geçiriler.

Türkmenistanyň häzirki çempiony we Kubogynyň eýesi “Altyn asyr” özüniň hormatly baýraga bolan hukugyny goramak ugrundaky ýaryşyny çärýek finaldan “Şagadamyň” garşysyna boljak duşuşykdan başlar.

2016-njy ýylda Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp geçiriljek 28-nji oktýabrdaky final duşuşygynda kesgitlener.



Degişli Habarlar