Wan Kölüniň Aýanis kenary mawy baýdak almaga hukuk gazandy

Aýanis kenarynda 200 metr uzynlygynda  bir plaž bilen dynç alyş merkezleri gurular

530128
Wan Kölüniň Aýanis kenary  mawy baýdak almaga hukuk gazandy

Tebigy gözellikleri, aýlaglary we arassa suwy bilen ünsleri özüne çekýän Wan Kölüniň Aýanis kenary halkara daşky gurşaw baýragy bolan mawy baýdak almaga hukuk gazandy.

Şäher merkezinden 35 kilometr alysda ýerleşýän Aýanis kenary tebigy gurluşy we arassa suwy bilen Wan kölünde mawy baýdak almaga hukuk gazanan ýeke-täk kenar aýratynlygyna eýe.

Tuşba etrap häkimligi tarapyndan taýarlanan taslamanyň Türkiýäniň Daşky gurşaw bilim gaznasy tarapyndan mawy baýdak almaga hukuk gazanmagyndan soň kenaryň syýahatçylary kabul etmegi üçin işe girişildi.

Aýanis kenarynda 200 metr uzynlygynda  bir plaž bilen dynç alyş merkezleri gurular.

 



Degişli Habarlar