Erdogan Messi bilen bilelikde futbol oýnar...

Oýun 16-njy iýulda Antalýa Arena stadionynda oýnalar

526375
Erdogan Messi bilen bilelikde futbol oýnar...

Antalýaspor futbol toparynyň kamerunly futbolçysy Samuel Eto öz adyny göterýän gaznanyň afrikaly çagalar üçin gurnan we dünýäniň meşhur futbolçylarynyň oýnajak oýuna Türkiýäniň Prezident R.T. Erdoganyň gatnaşmagy üçin çakylyk ugratdy.

Antalýa şäheriniň häkimi Menderes Türel sosial medianyň üsti bilen beren beýanatynda Prezident Erdoganyň çakylygy kabul edendigini mälim etdi.

Menderes Türel: “Messiniň ýanynda ýene-de bir ýyldyzymyz bar ol hem Prezidentimiz R.T. Erdogan. Prezidentimiz Antalýanyň Arena stadionynda futbol oýnar. Daşary işler ministrimiz Mewlüt Çawuşogly we meniň  hem 16-njy iýylda sagat 20:45-de oýnaýan futbol oýnuna ähliňizi çagyrýarys” diýip belledi.

Oýun 16-njy iýulda Antalýa Arena stadionynda oýnalar.

Oýunda Maradonna. Messi, Neýmar, Suarez, Eden Hazard, Totti, Mişel Essien, Çawi, JaýJaý Okoça, Pierre Emerik, Aubemeýaň, Iniesta we Arda Turan ýaly meşhur fotbolçylar janköýerler bilen oýnar.


Etiketkalar: #Erdogan , #Messi , #Suarez , #Neýmar , #Iniesta

Degişli Habarlar