Ýewropa futbol çempionatynyň ýarym finalynda oýnajak ýygyndylar belli boldy

Ýewropa futbol çempionaty EURO 2016-nyň çärýek final oýunlary tamam boldy we ýarym finalda oýnajak milli ýygyndylar belli boldy

523434
Ýewropa futbol çempionatynyň ýarym finalynda oýnajak ýygyndylar belli boldy

Düýn Fransiýanyň milli futbol ýygyndysy Islandiýanyň ýygyndysyny 5-2 hasabynda ýeňdi.

Oýunyň netijesinde ýarym finalda oýnajak 4-nji ýygyndy hem belli boldy.

Fransiýada geçirilýän EURO 2016-nyň ýarym finalynda Portugaliýa Uels bilen, Fransiýa bolsa Germaniýa bilen oýnar.

Ýarym final oýunlarynyň tertibi:

6-njy iýul çarşenbe güni Türkiýäniň wagty bilen sagat 22:00-da Portugaliýa-Uels bilen Lion şäherinde oýnar.

7-nji iýulda penşenbe güni sagat Türkiýäniň wagty bilen sagat 22:00-da Germaniýa Fransiýa bilen Marsel şäherinde oýnar.



Degişli Habarlar