Germaniýa Italiýany ýeňdi

Italiýanyň milli futbol ýygyndysyndan üstün çykan Germaniýanyň ýygyndysy EURO 2016-nyň ýarym finalyna çykdy

522996
Germaniýa Italiýany ýeňdi

Germaniýa-Italiýa arasynda oýnalan çärýek final oýunyň esasy we goşmaça wagtlary 1-1 hasaby bilen tamam boldy.

Penalti urgularynyň netijesinde Italiýany 6-5 ýeňen Germaniýa ýarym finala çykdy.

Germaniýanyň ýygyndysyndan Kroos, Draksler, Hummels, Kimmiç, Boateng we Gektor penalti urgularyny dürst ýerine ýetiren bolsalar, Müller, Mesut Özil we Şwaýnştaýger penalti urgularyny dürst ýerine ýetirip bilmediler.

Italiýanyň ýygyndysyndan bolsa Insigne, Barzagli, Giaccherini, Parolo, De Skiglio ýaly futbolçylar pökgini garşydaşlarynyň derwezesine atan hem bolsalar, Zaza, Pelle, Bonuççi ve Darmian dagylar penalti urgularyny dürst ýerine ýetirip bilmediler.

Germaniýa ýarym finalda Fransia-Islandiýa oýunynyň ýeňijisi bilen oýnar.



Degişli Habarlar