Türkiýe boýunça kino tomaşaçylarynyň sany 3,2 göterim artdy

Türkiýede kino-teatr tomaşaçylarynyň sany geçen ýyl öňki ýyl bilen deňeşdirilende 3,2 göterim atyp, 57,14 million adama ýetdi

520640
Türkiýe boýunça kino tomaşaçylarynyň sany 3,2 göterim artdy

Türkiýäniň Hasabat Guramasy “Kino-teatr hasabatlary 2015-i” çap etdi.

Şuňa laýyklykda Türkiýe boýunça kino-teatrlaryň sany 2015-nji ýylda 2014-nji ýyl bilen deneşdirilende 8,6 göterim artyp, 2,365-e ýetdi.

Kino-teatrlaryň tomaşaçy sany bolsa degişli döwürde 3,2 göterim atyp, 57,14 million adama barbar boldy.

Bellenen döwürde görkezilen filmlerin sany 18,4 göterim artyp, 49,151 boldy.

Teatrlaryň sany bolsa 2014-2015-nji ýyllarda 2013-2014-nji ýyllar bilen deňeşdirilende 17,7 göterim artdy, teatrlaryň kürsi sany bolsa 2,9 göterim azaldy.



Degişli Habarlar