Copa Amerikanyň ýeňijisi Çili boldy

Copa Amerikanyň final oýunynda Argentina we Çili oýnady

518915
Copa Amerikanyň ýeňijisi Çili boldy

Esasy we goşmaça wagtlar 0-0 hasaby bilen tamam bolan oýunda penalti urgulary ýerine ýetirildi.

Çili penalti urgularynda Argentinany 4-2 hasabynda ýeňdi we kubogyň eýesi boldy.

Argentinanyň ýyldyz futbolçysy Lionel Messi penalti urgulary dürst ýerine ýetirip bilmedi.

Oýunda Çiliden Marselo Diaz, Argentinadan bolsa Markos Roho gyzyl kart aldylar we oýundan çykdylar.

Örän gynanan Lionel Messi bolsa milli ýygyndyda oýnamazlyga karara geldi.



Degişli Habarlar