Türkiýäniň täze aragatnaşyk hemrasy dabaraly ýagdaýda uçuryldy

Türksat 4B aragatnaşyk hemrasy internet hyzmatlary üçin hem peýdalanylar

393445
Türkiýäniň täze aragatnaşyk hemrasy dabaraly ýagdaýda uçuryldy

Türksat 4B hemrasy Türkiýe wagty bilen sagat 23:40-da Gazagystanyň Baýkonur bazasyndan üstünlikli ýagdaýda uçuryldy.
Hemranyň uçurulýan pursatlarynda TRT Habar kanalynda ýaýlyma berilýän gepleşige gatnaşan Premýer ministr Ahmet Dawutogly “hemranyň ilkinji belliginiň parahatçylyk we doganlyk bolmagyny isleýäris” diýdi.
Hemranyň uçurylşyna Ankaranyň Gölbaşy etrabyndaky emeli hemra bekedinde syn eden Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Feridun Bilgin hem Premýer ministr Ahmet Dawutoglyna hemranyň uçurylşy hakynda maglumat berdi.
Hemranyň sputnige ornaşma we sputnik synag işleri üçin 45 günlük möhlet gerek.
Türksat 4B aragatnaşyk hemrasy internet hyzmatlary üçin hem peýdalanylar.
Şeýlelikde elýeterli nyrhdan ýokary tizlikli internet hyzmatlary berler.
Hemranyň ýetiriş giňişligi Ýewropa, Aziýa, Afrika, Ýakyn Gündogar we türki dilli döwletleri hem öz içine alýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar