TRT Maltanyň döwlet telewideniýesi bilen hyzmatdaşlyk eder

TRT Maltanyň döwlet telewideniýesi bilen hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişdi

318774
TRT Maltanyň döwlet telewideniýesi bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT Maltanyň döwlet telewideniýesi bilen hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişdi.
TRT-niň Baş müdüri Şenol Göka TRT-niň ähli mümkinçilikleri bilen Maltanyň tanadylmagyna uly goşant goşjakdygyny aýtdy.
Maltanyň döwlet telewideniýesi TRT bilen hyzmatdaşlyk teswirnamasyny baglaşmak üçin 2014-nji ýylda ýüz tutupdy.
Geçirlen gepleşiklerden soň iki guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamasy baglaşyldy.
Hyzmatdaşlyk teswirnamasyna Maltada gol çekişildi.
TRT-nşň Baş müdüri Şenol Göka gol çekişlik dabarasynda sözlän sözünde parahatçylygyň we doganlyk gatnaşyklarynyň tanyşdyrylmagynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň esasy rol oýnajakdygyny aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar