14-nji Boston türk kino-film festiwaly açyldy

ABŞ-da 14-nji Boston türk kino-film festiwalynyň çäginde türk klassiki sazynyň naýbaşy eserleri ýerine ýetirildi

236054
14-nji Boston türk kino-film festiwaly açyldy

Bostonyň “Gýote” institutynda berilen “Peşrewden Konçerto” atly konsertiň birinji ýarymynda kanun ussady Tarhir Aýdogdy klassiki türk sazynyň saýlama eserlerini ýerine ýetirdi.
Refik Fersandan Ysmail Dede Efendä, Solna Murat 4-njiden Hajy Arif Beýe türk klassiki sazynyň ussatlarynyň saýlama kompozisiýalaryny amerikalylaryň dykgatyna ýetiren Aýdogdy, Hasan Ferid Alnaryň kanun konçertosy bilen Kewser Hanymyň Nihawend langasyny ýerine ýetirdi.
Tarih Aýdogda konsertiň käbir bölümlerinde Ankaranyň Döwlet klassiki türk sazynyň horunyň solisti Hülýa Aýdogry hem ýoldaşlyk etdi.
Festiwalyň çäginde Berkli Saz mekdebinde Tahir Aýdogdynyň we gitarçy Dewid Fiuzinskiniň ýolbaşçylyk etmeginde mugallymlar, talyplar we Bostonda ýaşaýan sazandalar üçin “kanun ussahanasy” çäresi guraldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar