UNESKO-da Nowruz bankedi…

BMG-nyň bilim, ylym we medeniýet düzüminiň Fransiýanyň paýtagty Pariždäki merkezinde Nowruz baýramy mynasybetli banket berildi

274545
UNESKO-da Nowruz bankedi…

Bankede UNESKO-nyň Baş müdiri İrina Bokowa, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Hindistanyň, Yragyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň UNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilleri, döwlet toparlary we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
Dabaraly agşamda söz sözlän UNESKO-nyň Baş müdiri İrina Bokowa, Nowruz baýramynyň medeniýetara dialogy hem-de arkalaşygy berkidýändigini aýtdy.
Banketden son garaýyşlaryny beýan eden Türkiýäniň UNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Hüseýin Awni Bostaly Nowruzyň parahatlylyk, asudalyk we bagt getirmegini arzuw etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar