Bursa we Bergama Dünýäniň medeni miras sanawynda

Bursa we Bergama şäherlerinin Dünýäniň medeni miras sanawyna degişli edilmegi baradaky şahadatnama ertir UNESKO-nyň Baş müdiri İrina Bokowa tarapyndan medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelige gowşurylar

173674
Bursa we Bergama Dünýäniň medeni miras sanawynda

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik Ankarada we Stambulda duşuşyklar geçirmek üçin Türkiýä gelen UNESKO-nyň Baş müdiri İrina Bokowa üçin ýörite iş meýilnamasyny düzdi.
Ministr Çelik Ankara ilkinji gezek gelen İrina Bokowa Anadoly medeniýetleriniň muzeýini gezdirip, daşary ýurtlardan yzyna alynan we muzeýde sergilenýän taryhy eksponatlar barada maglumat berer.
Ömer Çelik Bokowadan daşary ýurtlara alynyp gidilen taryhy eksponatlaryň degişli bolan ýurtlaryna yzyna berilmegi üçin goldaw sorar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar