Erdogan: "Bizi bu günlere jebisik we agzybirlik getirdi"

Şu ýyl üçünjisi geçirilýän “Şebi Aruz Stambul” dabaralaryna uly mähelle gatnaşdy

148092
Erdogan: "Bizi bu günlere jebisik we agzybirlik getirdi"

Prezident R.T.Erdogan Möwlananyň aradan çykan gününiň 741 ýyllygy mynasybetli geçirilen Şebir Aruz çäresine gatnaşdy.
Erdogan şu topraklardaky doganlyk, söýgi we merhemetlilik duýgularynyň emele gelmeginde mundan ýedi asyr ozal Anadola gelen Möwlana ýaly köňül ärleriniň paýynyň uludygyny nygtady.
Erdogan ata-babalaryň amanady bolan asudalyk, parahatçylyk we doganlyk düşünjesiniň geljekki nesillere ýetirilmegi ugrunda tagallala edýändiklerini aýtdy.
Möwlananyň pepselesine ünsi çeken Erdogan, onuň ylahy yşk sebäpli öz ölümini “söýgülä gowuşma pursady, ýagny toý gijesi” hökmünde häsýetlendirendigini belläp geçdi.
Şebi Aruz dabaralaryna Prezident R.T.Erdogan bilen bilelikde Bolgariýadan, Gresiýadan we Kosowadan myhmanlar hem gatnaşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar