Denizlide Türkçewizýon aýdym saz festiwaly geçirilýär

Aýdym saz festiwaly Denizlide festiwal ýörişi bilen başlady

122418
Denizlide Türkçewizýon aýdym saz festiwaly geçirilýär

5-nji Halkara Türkçewizýon aýdym saz festiwaly Denizlide festiwal ýörişi bilen başlady.


Festiwal ýörişine Orta Aziýadan Balkanlara çenli 22 ýurtdan gelen sungat ussatlary gatnaşdy.


Myhman sungat ussatlary Denizliniň şäher häkimi Osman Zolan tarapyndan kabul edildi.


Festiwalyň birinji gününde TRT-niň sungat ussatlary Delikliçynar meýdanynda konsert berdi.


Myhman sungat ussatlary hem festiwalyň çäginde Denizli Açykhowa teatrynde konsert berer.


Festiwalyň 13-nji sentýabrdaky galasy bolsa TRT Müzik we TRT Awaz bilen 8 ýurduň telewideniýe kanaly arkaly alnyp görkeziler.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar