Edirne Maňyz Süýjüligi

Türkiýäniň Özboluşly Önümleri

2057443
Edirne Maňyz Süýjüligi

Türkiyäniň günbatarynda ýerleşýän taryhy şäheri Edirnede öndürilýän we geçmişi Osmanly köşgüniň aşhanasyna çenli baryp ýetýän Edirne Maňyz Süýjüligi şäheriň ekerançylyk meýdanlarynda ýabany ýagdaýda ýagny özbaşyna ýetişýän gaty gabykly we iri göwrümli bolan “Hajy Alibeý” görnüşli maňyzlaryň guratmak, üwemek we şerbet bilen garyşdyrmak arkaly alynýar.

Edirnäniň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2021-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Edirne Maňyz Süýjüligi, 50 göterim şeker, 35 göterimi maňyz boljak görnüşde öndürilýär.

Edirne Maňyz Süýjüliginiň önümçiliginde ilki bilen ýabany ýagdaýda ýetişen maňyzlar gyzgyn suwda gaýnadylýar we goňur reňkdäki gabygy arassalanyp, peçde guradylýar. Guradylan maňyzlar gaty ownuk böleklere bölünýär. 

Beýleki tarapdan bolsa, şeker we suw uly gazanda gaýnadylýar we şerbet ýagdaýyna getirilýär. Şerbetiň içine owradylan maňyzlar goşulyp, marsipan ergini alynýar. Hamyr görnüşindäki gyzgyn maňyz ergini mermer stoleşnisa sowamagy üçin goýulýar. Sowan maňyz hamyry, el bilen ýugrulyp, el bilen uzyn, inçe rulet görnüşine getirilýär we silindr şeklinde boljak görnüşde pyçak bilen kesilýär.

Edirne Maňyz Süýjüliginiň yssy howada salkyn we gury, sowuk howada bolsa otag temperaturasynda we yzgarsyz gurşawda saklanmalydyr.


Etiketkalar: #süýjülik , #maňyz , #Edirne

Degişli Habarlar